Asuda ýollar — abadan iller

26 Sentýabr 2024
513

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Ol raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu biraýlygyň guramaçylykly geçmegine Boldumsaz etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri hem öz goşantlaryny goşýarlar. Bölümçäniň jogapkär işgärleri etrabyň jemgyýetçilik guramalary, degişli pudaklar bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, edara-kärhanalarda, oba ýerlerinde zähmet çekýän raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guraýarlar. Şol çärelerde raýatlarymyzyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň kadalaryny berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüňler edilýär.

Merdan OTUZGELDIÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Boldumsaz etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar