Döwletli ýollara dowam ýaraşýar

24 Sentýabr 2024
523

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüş ýolumyz, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerimiz, badalga berilýän, durmuşa geçirilýän giň gerimli tutumlarymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halky 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda Watan ykbalyny, geljekki milli ösüş ýolumyzy döwlet Baştutany hökmünde Serdar Berdimuhamedowa ynandy. Ol ýol bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan turuwbaşdan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýlip yglan edilen ýörelge boýunça dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenen ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işiniň esasyny düzjekdigini aýdypdy. Şondan bäri geçen döwrüň her bir güni ägirt uly üstünliklere beslenýär. Milli ykdysadyýet täze kuwwatlyklar bilen baýlaşyp, durnukly ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, halkara giňişliginde baky Bitarap Watanymyzyň abraýy belende göterilýär.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy halkymyzyň arasynda gyzgyn goldawa eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu belent ada ýurdumyzyň garaşsyzlyk esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň hem jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary öňe sürmek bilen, döwletliligiň synmaz sütünini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy. Bu gün eziz Watanymyzyň dürli künjegi uly gurluşyk meýdançasyna öwrülip, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, şäherçeleri, dürli maksatly binalar bilen has-da gözelleşýär. Geçen ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanmaga berlen, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly taslamadyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilen «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli alnyp barylýar.

Ogulbagt ÇOPANOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar