Oba hojalygy ösdürmegiň hukuk esaslary

19 Sentýabr 2024
495

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda obasenagat toplumy yzygiderli ösdürilýär. Tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak bilen, oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen işleriň netijeliligine aýratyn üns berilýär. Pudagyň gurluşynyň köpugurly giňeldilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, agrar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda örän ähmiýetli maksatnamalar we anyk çözgütler kabul edilýär. Oba hojalygynyň ählitaraplaýyn özgerdilmegine, ýer eýeleriniň zähmet, durmuş-ykdysady taýdan goldanylmagyna we höweslendirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýer eýelerini kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün etmek, zähmet şertleriniň hem-de durmuş hal-ýagdaýlarynyň has-da gowulandyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda geçiren iş maslahatynda pagta ýygymy möwsüminde ýetişdirilen hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Maslahatda ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, kombaýnlary, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýändigi bellenilip geçildi.

Aýnur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar