Mynasyp goşandymy goşaryn

28 Awgust 2024
455

Ösüşlere beslenýän döwrümizde esasy arzuwymyň hasyl bolandygy — talyp bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin göwün guşum ganatlanyp, başym göge ýetdi. Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen döwründe talyp bolmak — bagtlylygyň alamaty.

Bagtyýar ýaşlaryň hatarynda men hem orta mekdepde okaýan döwrümde sapaklarymy özleşdirmekde, hemişe ökde okuwçylaryň hatarynda bolmakda yhlas-başarnygymy gaýgyrmadym. Ylmy we çeper edebiýatlary yzygiderli okadym. Bu bolsa bilimimiň has-da çuňlaşmagyna ýardam berdi. Okap, öwrenip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy bagtyýar talyp hökmünde esasy maksadym hasaplaýaryn. Okamak, öwrenmek bolsa öz saýlap alan ugruň boýunça ökde hünärmen bolup ýetişmekde esasy şertdir.

Tumargül TAGANDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar