Abadan ýaşaýşyň sakasynda

28 Awgust 2024
488

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasyndan» ugur alnyp, ýurdumyzyň suw arassalaýjy kärhanalarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle desgalaryň biri hem Köýtendag etrabynyň «Magdanlyşäheragyzsuw» müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasydyr. Gije-gündizki kuwwatlylygy 50 müň kub metr arassa agyz suwuny ilata ýetirmeklige niýetlenilen bu döwrebap desga 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berildi. Şol seneden bäri etrabyň ýaşaýjylaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap desga 26 gektar meýdany tutýar. Desga öz işinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlaryna daýanýar. Mukry suw arassalaýjy desgasyna ini 15 metr, uzynlygy 430 metr bolan akaba arkaly Amyderýanyň suwy getirilýär. Akabany arassalamak üçin kuwwatly gum sorujy ulanylýar. Akabadan getirilen suw sygymy 500 müň kub metr bolan emeli usulda durlaýjy howdana guýulýar. 10 günlük ätiýaçlyk suwa niýetlenilen bu howdan tebigy çökdüriji hökmünde hyzmat edýär. Bu howdandan alnan suw 1-nji suw göteriji bekedinden göterilip, kaskad howalandyrma bölümine berilýär hem-de şol ýerde kislorod bilen baýlaşdyrylýar. Soňra suwda biologiki ösüntgileriň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen hlorlama işi geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde suwdan başlangyç nusga alnyp, barlaghanada onuň bakteriologik hem-de himiki düzümi anyklanylýar. Howalandyrma bölüminden suw diametri 1000 millimetr geçiriji arkaly öz akymyna çökdüriji-garyşdyryjy bölüme geçirilýär. Bu ýerde onuň düzümine polielektrolit hem-de koagulýant goşulýar. Degişli arassalaýyş işleri geçirileninden soňra suw süzüji bölümde hlor garyndylary bilen zyýansyzlandyrylýar hem-de her biriniň sygymy 10 müň kub metr bolan 2 sany arassa suw saklanylýan bölüme geçirilýär. Kuwwatly göteriji beketleriň kömegi bilen arassalanylan agyz suwunyň 30 müň kub metri Magdanly şäheriniň, 20 müň kub metri hem Köýtendag şäheriniň ilatyna ýetirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýedi aýynyň jemi boýunça suw arassalaýjy desgasynda ýokary zähmet netijeleri gazanylyp, agyz suwunyň 2 million 123 müň 974 kub metri etrabyň ýaşaýjylaryna ýetirildi.

Wepa ROZYGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maglumat tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar