Arassaçylyk — saglygyň girewi

23 Awgust 2024
661

Biz bu jümläniň many-mazmunyna heniz mekdep partasyndakak göz ýetirip başlaýarys. Çünki arassaçylyk, saglyk, jemgyýetçilik ýerinde tertipli bolmak, tämizligi saklamak, arassa geýinmek ýaly düşünjeler okuwçy döwrümizde aňymyza guýulýar. Ýaşymyz ulaldygyça endige öwrülen bu düşünjeleri şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny goramak, sagdyn we arassa iýmitlenmek ýaly düşünjeler bilen utgaşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna, şeýle-de Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamalarynyň berilmegi ählimizi buýsandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy netijeli durmuşa geçirilip, ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. Çünki ata Watanymyzda iň gymmatly baýlyk adam saglygydyr. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak baradaky köpugurly wezipe keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen birlikde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işlerini hem öz içine alýar. Şu jähetden alanyňda, degişli lukmançylyk edaralaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamalarynyň berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.

Toýlymyrat SAHATOW,
Arkadag şäheriniň saglyk öýüniň işgärler bölüminiň inspektory.
Beýleki habarlar