Pederleriň şöhratly ýoly — milli terbiýe mekdebi

22 Awgust 2024
600

Halkymyzyň asylly däbi bar. Ol hem maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksadaokgunly we adamkärçilikli bolýar. Biz muny hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda aýdyň duýýarys. Mälikguly aganyň gazaply uruş ýyllarynda juda ýaşdygyna garamazdan, görkezen edermenlikleri, ildeşlerini ýeňşe ruhlandyran tutanýerli işleri ähli zamanalar üçin kämil mekdep.

Ynha, biziň döwrümiziň ýaş nesillerine nusgalyk häsiýetler. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda bular barada giňişleýin we täsirli beýan edilýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar