Hil hem-de kepil

22 Awgust 2024
516

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda işleriň halkara görkezijilerine laýyklykda ýola goýlandygyny äşgär edýär.

Bellenilişi ýaly, güwänama Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynyň işleriniň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili kesgitlemek boýunça ykrar edilen standartdyr. Ol ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Bu standart arassaçylyk gulluklarynda işleriň netijelidigini, öz işine ussat hünärmenleriň zähmet çekýändigini we hyzmatlaryň ýokary derejelidigini görkezýär.

«Arkadag»
Beýleki habarlar