Sagdynlygyň goragy

15 Awgust 2024
516

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Çünki Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtdur. Döwlet Baştutanymyz nebit senagatynyň işiniň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda ulanylýan tehnologiýalaryň adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydygyny yzygiderli nygtaýar. Häzirki wagtda öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak bilen tebigaty goramagyň standartlary işlenip düzülýär, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde täze mümkinçilikler öwrenilýär.

Howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýäniň energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Halkara derejede howanyň üýtgemegini dolandyrmak boýunça ählumumy ulgamy guramak ugrundaky ilkinji ädimler 1992-nji ýylda ädildi. Şonda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekildi. Ýer ýüzüniň howasyny dolandyrmak boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Berdimyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.
Beýleki habarlar