Akyldar şahyra bagyşlanan sahna eseri

25 Iýun 2024
630

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan täze Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi döwletlilikden nyşan. Bu geçirilýän Medeniýet hepdeligine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan hem ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Konserwatoriýamyzyň simfoniki orkestriniň we talyplardan düzülen hor toparynyň çykyşlary, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň sahnalaşdyrylmagyna mugallymlardyr talyplaryň işjeň gatnaşmaklary bu şanly senä ýokary okuw mekdebimiziň toý sowgady boldy.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» milli medeniýetimiz we edebiýatymyz dünýä ýaýylýar, şonuň bilen bir hatarda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi alymlar, edebiýatçylar, hünärmenler tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde halk köpçüligine ýetirilen «Magtymguly» operasy bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň üstüni ýetirip, beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Ýazmyrat REJEPOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory.
Beýleki habarlar