Tebigat — biziň öýümiz

9 Maý 2024
1081

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy üçin durmuşa geçirilýän işler raýatlarymyzyň tebigata ünsli çemeleşmek medeniýetini has-da kämilleşdirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tagallalary esasynda 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda tebigaty goramagyň, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, hojalyklarda önümçilik we beýleki işler geçirilende, tebigata zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Kanunyň 9-njy maddasynda bellenilişi ýaly, raýatlaryň tebigy serişdelerden peýdalanmaga, daşky gurşawa degişli meseleler boýunça şikaýatlar, arzalar we teklipler bilen döwlet edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem bozulan ekologik hukuklarynyň goragyny üpjün etmek üçin kazyýet edaralaryna ýüz tutmaga hukuklary bardyr. Şol bir wagtda hem Kanunda kesgitlenilişi ýaly, biziň her birimiz tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge, ýurdumyzyň tebigaty goramak babatdaky kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr.

Ogulgerek REJEPOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap ýuridik maslahathanasynyň müdiri.
Beýleki habarlar