Torsuk

1 Maý 2024
1150

Biziň güneşli ülkämiz haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi boýunça Ýer ýüzünde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda goraghanalaryň 9-sy bolup, şolaryň 3-si biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Olar barada biziň muzeýimizde giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilen.

Muzeýimiziň tebigat zalynda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly dioramasynda süýdemdirijiler barada dürli maglumatlar berilýär. Şolardan samyrlar maşgalasyna degişli ýyrtyjy süýdemdiriji haýwanlaryň bir görnüşi torsuklardyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 90, guýrugynyň uzynlygy bolsa 19 santimetrdir. Agramy 30 kilograma ýetýär. Arkasy we gapdaly kümüşsöw-çal, garnynyň aşagy garamtyldyr. Kellesiniň iki gapdaly tumşugyndan gulagyna çenli gara zolakly. Torsuklar Ýewropanyň we Aziýanyň garyşyk we taýga tokaýlarynda, sähralarynda hem-de ýarym çöllüklerinde duşýar. Baýyrlaryň eňňitlerinde, jarlarda we beýleki ýerlerde hin gazyp ýaşaýarlar. Ol daglarda gyş aýlary hininde gyş ukusyna gidýär. Torsuklar ösümlikler, kömelekler, ownuk süýdemdirijiler, gurbagalar, suwulganlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Torsuklar Türkmenistanda daglyk we baýyrlyk ýerlerde ýaşaýarlar. Zyýanly mör-möjekleri iýip, oba hojalygyna uly peýda berýärler. Olar 15 ýyl ýaşaýarlar.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar