Baýramaly — güneşi melhemli mekan

21 Aprel 2024
734

Raýatlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde belent sepgitlere ýetirmekde halkymyza gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, döwrebap şypahanalar uly ähmiýete eýedir. Mary welaýatynda ýerleşýän Baýramaly şypahanasy hem ýurdumyzyň raýatlarynyň iň bir gelim-gidimli döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň biridir.

Halkymyza giňden hyzmat edýän Baýramaly şypahanasy öz saglygyny bejertmäge gelýän raýatlaryň her biri üçin gapysyny giňden açýar. Ýylyň ähli paslynda hem şypahananyň eli ýeňil lukmanlary we şepagat uýalary bu ýere gelýänleri güler ýüz, hoş söz bilen garşy alýarlar. Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde hem bu şypahana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň ençemesi öz saglyklaryny bejertmäge we dynç almaga gelýärler.

Begenç Agaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar