Sagdyn durmuş — ýörelgämiz

17 Aprel 2024
901

Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň köpasyrlyk baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar