Kurkumanyň peýdasy

16 Aprel 2024
1057

Kurkuma — zerdeçal (Curcuma) bir ülüşliler klasynyň imbirler maşgalasyna degişli otjumak ösümlikdir. Ylymda kurkuma urugynyň 90-dan gowrak görnüşi bellidir. Häzirki döwürde olaryň kurkuma (Curcuma longa), ysly kurkuma (Curcuma aromatica), sedoariýa kurkumasy (Curcuma zedoaria) we tegelek kurkuma (Curcuma leucorrhizae) ýaly görnüşleri ýygy-ýygydan ulanylýar. Onuň boýy 90 – 100 santimetre golaý bolup, ýapraklary ýönekeý, iri we uzalan görnüşde bolýar we galyň, etlek baldakly, gülleri iki jynslydyr. Ösümligiň watany Hindistan we Gimalaý daglary hasaplanýar. Kurkuma hindi halkyna has irki döwürlerden bäri bellidir. Onuň ununy dürli tagamlar taýýarlananda ys beriji hökmünde ulanýarlar. Şeýle hem ony çaýlara we dürli sowadyjy içgilere goşýarlar. Ol süýji-kökeleri, peýniri reňklemekde giňden peýdalanylýar.

Ösümligiň 7 – 10 aý bolan köklerini ýygnaýarlar we arassalap ýuwýarlar. Gün şöhlesi göni düşmeýän saýaly ýerde ösümligiň köküni 1 hepde guradýarlar. Soňra kökleri üweýärler we sary reňkli kurkuma ununy alýarlar. Tegelek kurkumadan bolsa krahmal alynýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar