Sagdynlygyň mekany

10 Aprel 2024
831

Türkmenistanda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşiň täze belentlikleri Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ajaýyp miwesidir.

Ata Watanymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek doly derejede amala aşyryldy. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar gurlup ulanylmaga berildi. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygy dikeltmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň ajaýyp serişdesidir. Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, keselleriň öňüni almaga, olary başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge giň gerim berildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak maksady bilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar.

Toty JOMARTOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar