Ösüşleriň belent sepgidi

3 Aprel 2024
589

Bu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň şanyna tutulýan toý dabaralary, biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň kalplaryny hem buýsançly duýgulara gaplaýar. Ýurt derejesinde amal edilýän şeýle işler barada söhbet edilende, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleri, bitirilen işler, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyndaky möhüm wezipeleriň amal edilişi dogrusynda söhbet etmek has-da ýakymly. Sebäbi dürli pudaklardaky döredilen döwrebap şertleriň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylan ägirt uly ösüşleriň aýdyň netijelerini halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary we üns-aladalary netijesinde abadan durmuşda ýaşaýandygyndan hem görmek bolýar.

Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berk goýlup, bu ugurdaky işler täze ylmy gözlegler bilen dowam etdirilýär. Ylmy-barlaglaryň, tejribeleriň derejesi ýokarlanýar we hünär kämilligi yzygiderli ösdürilýär. Şunuň esasynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli saglygy goraýyş ulgamynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda möhüm işler bitirildi we öňde goýlan wezipeleriň hem-de maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine önjeýli goşant goşulýar.

Annagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar