Alma

3 Aprel 2024
703

Adam bedenine peýdaly iýmit önümleriniň biri hem almadyr. Almanyň düzüminde köp mukdarda iýmit süýümleriniň saklanýandygy sebäpli, ol iýmit siňdiriş ulgamyna, şol sanda içegeleriň kadaly işleýşine, iç gatamanyň we içegeleriň ýellenmeginiň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Ganyň düzüminde holesteriniň mukdarynyň peselmegine täsir edip, gan damarlarynyň dykylmagynyň öňüni alýar. Onuň düzüminde polifenollaryň, şol sanda flawonoid epakatehiniň bolmagy gan basyşynyň peselmegine kömek edýär.

Almanyň düzüminde C witamininiň, kaliniň bolmagy immun ulgamynyň berkemegine täsir edip, bedeni ýokançlardan goraýar. Böwrekleriň kadaly işlemegine täsir edýär. Yzygiderli kabul edilende, alma düzüminde kwersetiniň saklanýandygy sebäpli degna ulgamynyň işjeňligine, degna öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almaga peýdalydyr. Almanyň düzümindäki C, E we A witaminler ýüzüň deri örtüginiň owadan öwüşginli we çeýe bolmagyna oňyn täsir edýär. Şol sebäpli alma şiresinden taýýarlanylan ýapgylar kosmetologiýada giňden ulanylýar.

Soltangül TÄJIBAÝEWA,
Görogly etrap hassahanasynyň 85-nji oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany, KA-nyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar