Saglygyň gadryny bilgil...

3 Aprel 2024
835

Ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň.

Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň. Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp  içiň. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar