Saglyk — gymmatly baýlyk

2 Aprel 2024
943

Adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy — saglyk hakynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de dürdäne garaýyşlar beýan edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.

Garaşsyz döwletiň binýat bolmagyny islän beýik akyldarymyz «Nas atan», «Naskeş», «Çilim», «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş» ýaly goşgularynda adamzadyň bagtyýar ýaşamagy üçin diňe bir erkanalygyň däl-de, islendik döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden gaça durmagyň möhümdigini nesihat edipdir. «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen akyldar şahyrymyz nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine çagyrypdyr.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany. 
Beýleki habarlar