Bagy-bossan paýtagtym

27 Mart 2024
1104

Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen gözel paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda her ýylda agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak işlerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we ak pata bermegi halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Ynha, şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gözel tebigatymyzyň biologik köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen agaç nahallaryny oturtmak işleri uludan tutuldy. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky Kararyna laýyklykda 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasynda bag we üzüm nahallarynyň 594 müň 892  düýbi oturdyldy.

Häzirki wagtda halkymyzyň durmuşynda arka atylan her bir gün çuň many-mazmunly beýik işlere beslenýär. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak mermerli Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gür baglyga bürenýär, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirip, ýaşaýjylarda we myhmanlarda döwrüň beýik ösüşlerine bolan ajaýyp duýgulary döredýär. Jana şypa beriji suw çüwdürimli, müşki-anbar ysy bilen bark urýan köpsanly güllere, ýaşyl baglara bürenip oturan Aşgabady bu gün bagy-bossanlygyň, ajaýyp gülleriň şäheri diýip atlandyrýarlar. Köpetdagyň eteklerinde arça hem-de pürli we ýaprakly agaçlaryň şitilleri ekilen meýdançalar gitdigiçe giňeýär. Hut şu sebäpli hem, soňky ýyllarda bu ýerde guşlaryň we haýwanlaryň dürli görnüşleriniň sanynyň ep-esli artandygy hem hasaba alynýar. Dag etegindäki boý alýan tokaýlyklar hoşboý ysy bilen bark urýar. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi şypaly tebigatyň özboluşly aýratynlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, tanalmaz derejede özgerýär.

Mahym ANNAMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar