Bahar buşlukçysy

26 Mart 2024
1062

Garagum derýasynyň boýuny syryp, gündogardan gelýän adaja şemalyň ýyljajyk demi tebigata bolmajysyny boldurdy, baýyrlardyr gum depeleri läle getiripdir. Guş-gumrularyň şatlanyşynyň dagy çeni-çaky ýok. Ynha, baharyň ilkinji buşlukçysy bolan garlawaçlar jübüt-jübüt bolşup, amatlyja ýerde höwürtge gurunmagyň, tiz wagtdan dünýä injek sary çüňklüje jüýjeleri üçin rahat bolar ýaly, onuň içine pamykdyr per, ýüň übtüklerini düşemegiň aladasynda pelesaň urýarlar. Heniz ýigdekçekäk, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramow: «Arada sährada bolanymda, asmandan durnalaryň «gurk-gurk» diýen sesi eşidildi. Haçanda durnalar ýere pessaýlanlarynda, hersiniň üstünden bir garlawaç uçup gitdi. Olary şol uzak ýerden durnalar arkasyna alyp gelipdirler» diýip, bizi haýrana goýardy. «Arkalaşan dag aşar» diýleni. «Gudrat göreý diýseň, daglara bar» diýilýän-de bolsa, çyn gudraty sähralarda hem aç-açan duýup bolýar oguşýa.

— Göwresiniň uzynlygy 20 santimetr, agramy 17 — 20 gram bolan garlawajy haýsy guş bilen deňeşdirse bolar? — diýip sorasalar, haýsy guşuň adyny tutjagyňy bilmänjik geçersiň. Ýok, ýok, ony guşlaryň hiç birine-de deňär ýaly däl-ä! Mazalyja synlasaňyz, garlawaç edil ýylanyň damagyndan çykan ýaly, diýseň owadan, erjel guşdur. Onuň, ylaýta-da, asmanda uçup ýörkä çybyndyr çirkeýler, siňekler bilen iýmitlenip ýörmegi her kesi haýrana goýýar. Uçman, birhili howada tans edýän ýaly görünýär. Onuň uçuşyny yzygiderli synlaýmak hem aňsat däl. Bir eýläňden gaýýar, bir beýläňden. Gözüň gamaşyp gidenini duýman galýarsyň. Garlawaç uçman, ýöne süýnäýýär diýseňem gelişmän durmaz. Onuň gonup oturanyna negada bir duş gelersiň. Bu guş uçup barýarka, öz tizligini 120 kilometre çenli artdyrmaga ukyplydyr. Kesesinden synlasaň, «Şu guş-a öz uçuşyndan lezzet alýar-ow!» diýdirýär — diýip, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewa gürrüň berýär: — 20 ýyla golaý ýaşaýan bu guşuň Kaşgarlynyň «Diwanynda» «garlygaç» görnüşinde ulanylan ady türki dillerde-de gadymky aslyna ýakyn görnüşde saklanypdyr. Bu at «gar» diýen ses meňzetmesinden, «la» hem-de kiçeltmegi aňladýan «gaç//waç» goşulmalaryndan ybarat bolup durýar. Heňňam öwrümlerinde pederlerimiz bu guşy bilwaýa, kaldyrgaç, tarlaňguç, dag garlawajy, kenar garlawajy ýa-da atgarlawaç, oba garlawajy, şäher garlawajy, sapak guýrukly garlawaç diýip atlandyrypdyrlar.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar