Görer gözüň gymmaty...

11 Mart 2024
798

Eziz çagalar, mekdep partasynda otyrkaňyz, mugallymyňyzyň synp tagtasyna ýazýan amallaryny, meselelerini aňsatlyk bilen görýärsiňizmi?! Belki, bu ýagdaýda synpdaşlaryňyzyň arasynda kynçylyk çekýänleri bardyr?! Eýsem-de, gözleriň görejiniň näme sebäpden peselýändigini bilýärsiňizmi?! Häzirki wagtda el telefonlaryna hem telewizora aşa köp seredilmegi netijesinde, göze uly agram düşýär. Bu bolsa gözleriň ýadamagyna we gyzarmagyna getirip, ýakyndan görmezligine sebäp bolýar. Şeýle kynçylyklaryň ýüze çykmazlygy üçin siz, ilkinji nobatda, gözleriňizi gorap saklamalysyňyz hem-de bu meselede ünsli bolmalysyňyz! Gözleriň görejiniň sagdyn bolmagy üçin lukmanlar size şeýle maslahatlary berýärler. Ine, olaryň käbiri:

- Alty ýaşyny dolduran çagalara günde 1 sagat, ýedi ýaşdan on üç ýaşa çenli çagalara 1,5 — 2 sagat telewizora tomaşa etmek maslahat berilýär. Telewizor bilen çaganyň aralygy 3 metr bolmalydyr.

«Güneş».
Beýleki habarlar