Bitaraplyk — ynsanperwerlik

8 Fewral 2024
2250

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eserinde: «Bitaraplyk syýasatynyň özeninde parahatçylykly ýaşamaga söýgi, durmuşyň sazlaşygynyň, gözelligiň ykrar edilmegi ýaly örän ýokary, hiç inkär edip bolmajak milli gymmatlyklar durandyr» diýip parasatly nygtaýar. Milli Liderimiziň parasatly paýhasyndan dörän «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy bolsa ylmyň, tehnologiýanyň sanlylaşýan eýýamynda umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Muny halkara jemgyýetçiliginiň wakalary yzygiderli aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky taryhy çykyşynda öňe süren döredijilikli başlangyçlary hem Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy çykyşy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine döredijilikli we jogapkärçilikli çemeleşmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda bütin dünýäde howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk hem-de durnukly goramakda durmuşa geçiren işleriniň ähmiýetini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Ýakup AŞYROW,
Daşoguz welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar