Syýahatçylyk: köpugurly we ýokary hilli hyzmatlar

2 Fewral 2024
1322

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Şoňa görä, Diýarymyzda syýahatçylyk ugry boýunça iş alyp barýan hojalyk jemgyýetleriniňdir hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Şolaryň biri-de «Ýorga» hojalyk jemgyýetidir. Golaýda habarçymyz bu hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Ata SAPAROW bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini ýazga geçirdi:

— Söhbedimiziň başynda syýahatçylygyň ugurlarydyr görnüşleri barada durup geçsek ýerlikli bolar. Halkara syýahatçylyk giriş we çykyş syýahatçylygyny öz içine alýar. Anyk aýtsak, daşary ýurtly raýatlaryň Türkmenistanyň çäklerindäki syýahaty giriş syýahatydyr. Çykyş syýahaty döwletimiziň raýatlarynyň daşary ýurtlara edýän jahankeşdeligidir. Ildeşlerimiziň ýurdumyzyň çäklerindäki gezelençleri bolsa içerki syýahatçylyga degişlidir. Umuman, dünýäde syýahatçylygyň başga-da ugurlary kän.

Ýazga geçiren Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar