Adamkärçiligiň ady bilen

1 Fewral 2024
2227

ýa-da häzirki zaman dünýäsi we Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy barada

Adamkärçilik biziň milletimiziň ruhy konstitusiýasydyr. Adamkärçiligiň kadalary her bir türkmen perzendiniň ganyna we aňyna ornan ýörelgelerdir. Ilçilikde şol kadalardan çykmak aýyp saýylýar. «Adamçylygyň, adamkärçiligiň gutaran ýerinden kanunçylyk başlanýar» diýilmegi, megerem, howaýy döräýen pikir däl bolarly. Dörediji Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adamkärçilikli bolmak her bir türkmeniň ömrüni mertebelendirýän beýik ýörelgedir. Adam üçin iň esasy borç hem adamkärçilik kadalaryna ygrarly bolmakdyr. At, dereje, baýlyk adamy üýtgetmeýär, sebäbi adamkärçilik olardan has ýokary mertebedir. Adamkärçilik taglymatlaryna ygrarlylyk ynsan ählini bitewüleşdirýär» diýip belleýär. Halkymyzyň adamkärçilik atly ýörelgesinde milletimiziň sahawatlylyk, gaýduwsyzlyk, halallyk, ynsaplylyk, şükranalyk ýaly iň gowy häsiýetleri jemlenýär. Dogrusy, adamkärçilik bir daragt bolsa, şu häsiýetler onuň şahalarydyr.

Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar