Russiýanyň logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistandan ýük daşamagy ýola goýdy

4 Ýanwar 2024
770

“PEK” köp hyzmatly logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ýygnama ýükleri daşamagy ýola goýdy. Bu ugur boýunça yzygiderli ýük gatnawy iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Geljek ýyldan bolsa, bu sanyň artdyrylmagyna garaşylýar.

“PEK” kompaniýasy Russiýada iki ýurduň ýaşaýjylarynyň we biznes toparlarynyň harytlarynyň çalt hem-de ýönekeýleşdirilen amal esasynda eltilip berilmegine mümkinçilik döreden ilkinji kompaniýadyr. “PEK” tarapyndan berlen maglumatda Türkmenistanda halkara ulag resminamalaryny elektron görnüşinde ulanylyp başlanmagynyň we Astrahan hem-de Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň eltip bermek işini has-da ýönekeýleşdirmäge ýardam etjekdigi aýdylýar.

Beýleki habarlar