Ylym — ösüşleriň binýady

24 Dekabr 2023
1862

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösýär, ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, olaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin ýaşlar dünýäniň ylmy gazananlaryny özleşdirip, dünýä dillerindäki ylmy maglumatlardan habarly bolýarlar. Bu hem ylmyň täze belentliklere ýetirilmeginde önjeýli goşantdyr.

Häzirki wagtda ýurduň ösüşi ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň ylym-bilim öwrenmeklerini ýola goýmak, olaryň ylmy garaýyşlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş alymlara döredilýän mümkinçilikler, olaryň tehnologiýalara erk etmegi üçin bar bolan şertler aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi bu ugruň mundan beýläk hem ösdürilmegini, alymlaryň, ylmy işgärleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýýan wajyp wezipelerimizdir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, jemgyýetimiziň ösüşinde alymlaryň, işgärleriň öňünde uly wezipeler durýar.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar