Garagum täsinlikleri

13 Dekabr 2023
1804

Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Hut şundan ugur alyp, Merkezi Garagumuň çäginde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi.

Merkezi Garagumuň aýratynlyklary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem özüniň anyk beýanyny tapýar. Romandaky: «Garagum desterhanynyň ileri tarapynda — Tejen şäheriniň deňesinde öňüňden Tejen derýasy çykýar. Şäherden geçip göni gitmek eýgertmeýän ýaly, derýa bu ýerde ugruny üýtgedýär: gaýralygyna — Merkezi Garaguma ugur alýar» diýlen setirleri okanyňda, Garagum sährasy göz alnyňda ýaýylyp ýatan ýaly bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ana, şol ýerde — derýanyň Garawekiliň jaryna guýup soňlanýan ýeriniň aşak tarapynda Merkezi Garagumy ýanbaşlap oturan tenha bir oba bar» diýlen sözleri-de halkymyzyň öz ýaşaýşyny Garagum sährasy bilen berk baglanyşdyrandygyny iňňän çeperçilik bilen suratlandyrýar.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar