Dünýä dolan taglymat
Hormatly Prezidentimiziň medeni taglymaty, ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygyny öňe sürýär. Parahatçylyk diýlen dünýägaraýyşda «umumadamzat», «gatnaşyk», «hyzmatdaşlyk», «agzybirlik» ýaly ugurlar bir sapaga düzülip, aň ulgamyny sazlaýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Döwlet gurluşynda, syýasatda, ykdysadyýetde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýji ähli işe döredijilikli çemeleşmekde — medeni ilerlemelerdedir. Şoňa görä-de biz giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýandygy bilen kämilligiň ýölgörkeziji şamçyragyna öwrülen milli medeniýetimizi barha ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris” diýýär. Halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetini özara gatnaşyklar arkaly dünýä çykarmak, olary sünnäläp nesillere ýetirmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO ka