Toýly ýylyň şanyna

6 Noýabr 2024
659

Şu gün, ýagny 6-njy noýabrda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Her jümlesi, her sözi geljegmize rowandyr» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi.

Etrap medeniýet merkezinde geçirilen söhbetdeşlikde dana akyldaryň baý edebi mirasyna ýüzlenildi. Şahyryň goşgularynyň labyzly okalyp, aýdym bolup ýaňlanmagyhas-da täsirli boldy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň çäginde guralan medeni çärä etrabyň öňdebaryjy ýaşlarynyň uly topary gatnaşdy. Olar Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, gadymy şäheriň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.

Keýik UMAROWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar