"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Saýlaw ulgamynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Öz ösüşinde täze belentliklere galýan ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, milli parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmegiň hukuk esaslarynyň döredilmegi Türkmenistanyň täze taryhyna uzak geljegi nazarlaýan taryhy ähmiýetli waka bolup girdi. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz agzanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýän sekiz agzanyň girýändigi görkezildi. Saýlaw kodeksine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze döredilýän Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramagyň we geçirmegiň hukuk esaslary berkidildi. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň gizlin ses bermek arkaly göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerin

Ýalkym saçýan ak binalar nesillere miras galar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran, hakydalara hemişelik keşdelenen şatlykly wakanyň bolup geçenine entek köp wagt geçenok. Okyjy meniň haýsy wakanyň gürrüňini edýändigimi bilesi gelip, geçen günleri aňynda aýlaýandyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şatlykly, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Meniň gürrüňini edýän şatlykly wakam gaty köp maşgalanyň öýli bolmak, onda-da ähli amatlyklar döredilen jaýlarda ýaşamak hakyndaky arzuwlarynyň wysaly, ýagny gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berlen gününiň şowhuny, öýli bolan ildeşlerimiziň buýsançly sözleri, bagtyýar bakýan gözleri hakynda. Teleýaýlymlaryň üsti bilen ençeme gezek açylan binalar hakyndaky gepleşikleri synlan hem bolsam, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýen pähime uýup, öz gözüm bilen görüp, Beýik Binagäriň — Gahryman Arkadagymyzyň çyn yhlasyndan dörän gözelligi ýakyndan synlasym geldi.

Parahatçylygyň gadymy kökleri

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň köňlünde täze üstünliklere bolan galkynyşy döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň adynyň parahatçylyk we özara ynanyşmak bilen pugta baglanyşdyrylmagy hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan parahatçylyk, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň şu ýylda ýedi yklyma aýratyn täsin öwüşginli ýaýyljakdygynyň nyşanydyr. Parahatçylyk sözi gadymy halkymyzyň durmuşynda müdimi kök urup, onuň manysynda özbaşdaklyk, özerklilik, özygtyýarlylyk ýaly mukaddes sözler berk baglanyşýar. Halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyndan bäri dowam edip gelýän ýaşaýyş ýörelgesi, şu keramatly topragyň üstündäki dagdyr deňiz-derýasynyň, alyslara ýaýylyp gidýän sähra-düzleriniň, jülgeleriniň, jadyly gözellik bilen gurşalan daglarynyň, şypaly ýerasty çeşmeleriniň, ýerasty tebigy baýlyklarynyň, gaýtalanmajak özboluşly tebigatynyň täsin gözellikleri bilen birleşýär. Şu jähetden, türkmen halkynyň özüniň mukaddes ýurduna, keramatly topragyna bolan mähri deňiz-derýasy ýaly çuňňur, daglary ýaly beýik. Ylaýta-da, halkymyz öz tebigaty bilen bile biten ýaly. Tebigaty ezizlemek, ony özüniň janynyň bir ülşi ýaly görmek duýgusy, pederle

Jenneti mekan — gözel Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ählumumy ösüşlere giň gerim berýän ýurdumyzyň paýtagty gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülýär. Ösüşiň halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilýän parahatçylyk ýoluny saýlap alan türkmen halky milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Eziz Diýarymyzy ösüşleriň mekany hökmünde Ýer ýüzüne tanadan hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan kemal tapan belent ösüşler biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. Hut şundan hem görşümiz ýaly, adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry bolup durýar. Eziz Diýarymyzda her bir iş diňe adam üçin, adamyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin durmuşa geçirilýär.

Belent üstünlikleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmeginde giň mümkinçilikleri döretdi. Dünýä ýurtlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýän häzirki şertlerinde ulag pudagyna uly ähmiýet berilmegi onuň ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri bilen baglanyşyklydyr. Döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depginde ösmegi önümi ýerlemek üçin täze bazarlary döredýär. Netijede, ozalky ýola goýlan gatnaw ugurlary bilen bir hatarda geljegi uly bolan täze ulag geçelgeleri hem kemala gelýär. Ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, haýsy-da bolsa bir ýurtda ulag gatnawlarynyň ösüşiniň ýokary derejede bolmagy ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine, halk hojalyk ýükleriniň daşalyşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär, pudaklaryň girdejililigi ýokarlanýar.

Parahatçylygy döretmek — mizemez ýörelgämiz

Parahatçylyga söýgi ata-babalarymyzdan gelýär, ganymyzda aýlanýar, ol biziň halkymyzyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip gidipdir. Parahatçylygy goramak — ata-baba däbimiz, ol biziň ýol-ýörelgämize ornapdyr. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bitaraplyk syýasatymyzyň esasynda hem şu häsiýet, şu ýörelge durandyr. Her ýylyň ady biziň milli Liderimiziň parasaty bilen gelýär. Her ýylyň ady biziň berkarar döwletimiziň taryhy tutumlary bilen gelýär. Her ýylyň ady biziň halkymyzyň beýik maksatlary bilen gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, halkymyzyň islegi bilen 2021-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryny göterýär.

Garaşsyz Watan

Barha uzaldýarsyň dünýä ýollary,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Mähir bilen çoýýaň dogan illeri,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Bagt ýaşyna dolýar, synlap gözlermiz,Jennet künjegidir sähra-düzlermiz,Saňa aýdymlarmyz, şirin sözlermiz,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz halkymyzyň milli aňynyň özenidir. Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjiligi, abadan ili, asudalygy goramak biziň gadymdan bäri dowam edip gelýän ýörelgelerimiziň naýbaşylary bolup, türkmeniň milli aňynyň özboluşlylygyna öwrüldi. Milletimiziň pikirleniş, akyl ýetiriş aýratynlyklary, onuň milli däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda, şan-şöhrata ýugrulan taryhy ýolunda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Milli aňymyzda Bitaraplyk taglymatynyň şöhlelenişine halk döredijilik eserlerimizi, nusgawy şahslarymyzyň edebi mirasyny doly we içgin öwrenenimizde hem doly we aýdyň düşünýäris. Çünki milletimiziň kemala gelmegine uly täsir eden milli ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk ýaly pelsepewi garaýyşlarymyz däp-dessurlarymyza siňip, milletimiziň edim-gylymyna ornap, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyzda, nusgawy şahyrlarymyzyň pelsepewi eserlerinde jemlenendir. Bitaraplyk ýörelgesiniň türkmeniň milli ýörelgeleriniň naýbaşylarynyň biridigi barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgelerin

Binagärlik sungatynyň dürdänesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň şähergurluşygynda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, bagtyýar ýaşaýyş üçin döwrebap şertler döredilýär, köpugurly medeni-durmuş maksatly binalar toplumlary gurulýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny gazanylýan uly ösüşlere, bitirilýän beýik işlere besleýär. Geçen sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyz düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň möhüm syýasy-ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Şeýle-de, şu ýyl Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny mähriban halkymyz uly buýsanç we şatlyk bilen ýokary derejede baýram edýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna ser salanyňda, onuň gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşendigine göz ýetirmek bolýar. 1881-nji ýylda Aşgabat döredilipdir. Şäher ýuwaş-ýuwaşdan ösüp başlaýar. Şol ýyllarda şäherde uly bolmadyk senagat kärhanalary peýda bolýar.

Derwaýys ulgamda döwrebap maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitler gazanylýar. Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hödürlenilmegine, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň sanynyň köpeldilmegine, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda ýörite maksatnamalardyr konsepsiýalar kabul edilýär hem-de degişli ulgamyň kanunçylyk we maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär. 23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Permana gol çekdi. Resminama bilen «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şu Karara goşulýan sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Karara gol çekdi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Azat Toýlymyradowiç Joraýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Almaz Ýusupowiç Ballyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy go

Il bähbitli özgertmeler rowaçlanýar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň 22-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere mynasyp taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny günübirin durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazky bag ekişligine taýýarlyk görlüşi, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy we durmuş meselelerini çözmek boýunça kesgitlenilen wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdi. Soňra häkim sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ekerançylyk ýerlerini, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda talabalaýyk taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalaryň ygtybarly işle

Gadymy mekanda täze sepgitler

Ýurdumyzyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşip, gadymy galalary, taryhy ýadygärlikleri, kerwensaraýlary bilen meşhur bolan Kerki şäheri geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerine geçit beren möhüm ýerleriň biridir. Halkymyzda: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly pähim bar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllary içindäki ösüş-özgerişleri bu gadymy toprakda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap awtomobil we demir ýollary, köprüleri halk pähiminiň dogrudygyny doly tassyklaýar. Häzirki wagtda Kerki şäheri ulag ulgamynyň zerur düzümleri bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň möhüm çatrygyna öwrüldi. Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen otuz ýylynyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Kerki etrabynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna çaýan bagtyny bu toprakda bolup geçen taryhy wakalaryň, dabaralaryň, şanly seneleriň mysalynda näçe diýseň görmek bolýar. Megerem, olaryň arasynda iň begençlisi hem buýsançlysy sebitiň ykdysady ösüşinde, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýollar bilen bagly wakalar bolsa gerek. Çünki deňiz, derýa, howa, polat we awtomobil ýollary halklaryňdyr ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Ýollar bizi arzyly menzillere, belent maksatlar

Hoşniýetli goňşuçylygyň täze öwüşginleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi. Bu gün ýurdumyzyň ösüşiň senagat-innowasion ýoluna ykjam düşendigini bütin dünýä görýär. Gurlan ýa-da durky täzelenilen, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikler sanly ykdysadyýete tarap ugur alan milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizmi kemala getirildi. Biziň döwletimiz agrar ýurt bolanlygyndan ösen senagatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Döwrebap senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, zerur bolan önümleriň özümizde öndürilip başlanmagy dünýäde ýüze çykan käbir kynçylyklaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini gowşadýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmän, eýsem, sebitde hem dünýä ähmiýetli tasla

Sag­dyn dur­mu­şa ýö­rel­ge

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­jek ýy­lyn­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çiril­megi Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we spor­tuň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gör­nü­şi­ni ös­dür­mek, se­bit­de hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, şeý­le hem türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Yn­san sag­ly­gy hem-de eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy üçin peý­da­ly bo­lan we­lo­si­ped sür­mek­lik ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den dur­mu­şa or­naşdyryl­ýar. Biz hem beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­k

Nurana eýýamymyzyň ajaýyplyklary bizi baky bagta eýe edýär

Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Şonuň esasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda bu işleri has-da ýaýbaňlandyryp, durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, her ýyl bäsleşik yglan edilýär. Geçen ýylda yglan edilen şeýle bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanyldy. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, mähriban Arkadagymyz S.A.Nyýazow adyndaky

Harby durmuş we sanly ulgam

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, eziz Watanymyzy gülletmekde ruhubelentlik bilen zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şundan ugur alyp, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda, bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha, şeýle çäreleriň biri-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetinde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy, arzuwlarymyzyň adalgasy» atly dabaraly çäre guraldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary hem-de harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň sebitde we dünýäde okgunly ösüşi üçin amala aşyrýan beýik işleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren milli ruhy we maddy gymmatlyklary, merdana halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli duýgulary we päk arzuw-islegleri beýan edildi. Çykyşlarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň berkarar eden Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, du

Şanly ýylyň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary serhetçileriň durmuşyna-da ýatdan çykmajak taryhy wakalary bagyş edýär. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde geçirilýän syýasy-medeni çäreleri serhetçileriň durmuşyny hasam bezeýär. «Ykrar tapýar Arkadagyň paýhasy, Parlaýar jahanda türkmen Baýdagy!» ady bilen guralýan wagyz-nesihat çäresi-de olaryň iň bir ähmiýetlileriniň biridir. Bu çäre serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa harby gullukçylar, degişli edara-guramalaryň wekilleri, şeýle hem il sylagly ýaşulularymyzdyr ak saçly mährem enelerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çärelerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygar bilen garşy alynmagynyň taryhy ähmiýeti, şu şygaryň astynda ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy maksat edinilýän çärelerdir durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän döwletli işler barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Bulardan başga-da, çykyşlarda wagyz-nesihat çäräniň adyndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän orny we onuň abraý-mertebesi, şo

Parahat geljegimize uly ynam bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bellenilýän üstümizdäki ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen buýsançly şygara beslenýär. Ýeri gelende, bu şygaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gözbaş alýandygyny bellemek buýsançlydyr. Adamzat taryhynda jemgyýetiň, döwletiň ösmeginde birek-birege ynanyşmagyň esasynda ýola goýulýan syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar esasy orun eýeleýär. Çünki ynam arkaly ýerine ýetirilýän her bir işiň üstünlik hem-de zähmet ýeňşi bilen tamamlanýandygy nazaryýetde-de, durmuş tejribesinde-de subut edilen hakykat. Ynamyň bar ýerinde parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelýändigini we berkeýändigini häzirki döwür doly aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýaşaýşyň köp ýyllyk tejribesinde belent maksada ýetmegiň berk sütüni hasaplanýan birek-birege ynanyşmagyň ikitaraplaýyn bolmalydygy baradaky pikirler hem öňe sürülýär. Bu babatda ýurdumyz baý tejribe toplady. Muny dünýäniň köp döwletleriniň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň iki gezek ykrar edilmeginiň, BMG-niň we onuň düzümleriniň, köp