Hoşniýetli goňşuçylygyň täze öwüşginleri

24 Fewral 2021
841

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi.

Bu gün ýurdumyzyň ösüşiň senagat-innowasion ýoluna ykjam düşendigini bütin dünýä görýär. Gurlan ýa-da durky täzelenilen, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikler sanly ykdysadyýete tarap ugur alan milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizmi kemala getirildi. Biziň döwletimiz agrar ýurt bolanlygyndan ösen senagatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Döwrebap senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, zerur bolan önümleriň özümizde öndürilip başlanmagy dünýäde ýüze çykan käbir kynçylyklaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini gowşadýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmän, eýsem, sebitde hem dünýä ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Azat SUWHANOW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar