Arkadagly Gahryman Serdarymyz, halkyň belent ykrary Siz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly taryhyna müdimilik ýazylan we aýratyn many-mazmuna hem-de uly ähmiýete eýe bolan şanly sene — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýanlyk, bäsdeşlik, giň demokratik esaslarda geçen ählihalk saýlawlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti diýen belent hem-de jogapkärli wezipä saýlanan gününi agzybir hem merdana halkymyz uly ruhubelentlik bilen dabaralandyrýar. Belent ösüş-özgertmelere beslenip döwletimiz hem halkymyz üçin rowaçlykly geçýän her bir günüň gymmaty ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň kalbynda hormatly Prezidentimize bolan buýsanjy, hoşallygy, päk alkyşlary joşdurýar. Täze taryhy döwrüň ilkinji şanly ýylynyň 12-nji martynda geçen saýlawlar halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş ýörelgesini aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde möhüm ädim boldy. Mähriban halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýokary döwlet wezipesine saýlamak bilen, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli ýörelgelerimize ygrarlydygyny doly aýan etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän ajaýyp pursatlarynda merdana halk