Aşgabatdan çar ýana uzaýan howa ýollary

11 Mart 2024
208

Täze taryhy döwürde «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek, düzümini täze uçarlar bilen artdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, «Boeing» kompaniýasyndan uçarlar satyn alynýar. Täze uçarlaryň satyn alynmagy dostlukly döwletlere uzaýan ýollaryň geografiýasynyň giňelmeginde uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman uçarlarynda paýtagtymyzdan Abu-Dabä, Kuala-Lumpura, Jidda, Hoşimine, Milana, olardan bolsa yzyna Aşgabada amala aşyrylan ilkinji halkara howa gatnawlary dürli ýurtlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, awiasiýa pudagyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

"Nesil".
Beýleki habarlar