"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!Mähriban çagalar! Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş ýyldyzlary bolan siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza joşgun berýän ajaýyp sungat eserleriňiz — hoş owazly aýdymlaryňyz, şirin sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!

“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistan bazaryna gyzyklanma bildirýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar. Türkmen wekiliýet bu ýurtda geçirilýän “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisi gatnaşdy we birnäçe gepleşikler geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň dünýä belli “Daewoo E&C” kompaniýasynyň baş direktory Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berdi. 2-nji awgustda türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Filippinler Respublikasynyň Manila şäherinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-filippin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmek boýunça teklipler, sebit hem halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berdi. 2-nji awgustda türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Filippinler Respublikasynyň Manila şäherinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-filippin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmek boýunça teklipler, sebit hem halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!Mähriban çagalar! Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş ýyldyzlary bolan siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza joşgun berýän ajaýyp sungat eserleriňiz — hoş owazly aýdymlaryňyz, şirin sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!

Täze tehnologiýalar — täze menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary, durmuşa geçirýän özgertmeleri netijesinde halkymyzyň ykbaly gül açýar, ýurdumyzyň çar künjegi, oba-kentlerimiz, şäherlerimiz gözellige beslenýär. Ykballaryň bagtyýarlyga eýe bolmagyna niýetlenen ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli binalaryň sany günsaýyn artýar. Şeýle dabaralar gözel Diýarymyzyň çar künjeginde, ýylyň tutuş dowamynda bolup dur. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy toýlanylýan altyn güýzüň ilkinji gününde ak şäherimiz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen binalar diňe bir paýtagtymyza däl, eýsem, halkymyzyň kalbyna görkanalyk bagyş etdi. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli halkymyza täze-täze bilim ojaklarynyň binalarynyň sowgat edilmegi indi däbe öwrüldi. Paýtagtymyzyň gözel ýerinde 2022-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli binalar toplumynyň altyn güýzüň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi her birimizi buýsandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna,

Ýurtlar içre, kalplar içre ýol ýasap...

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleriniň ajaýyp zamanamyzda mynasyp dowam tapýandygy şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýene-de bir gezek dünýä äşgär boldy. Şol gün Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylmagy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň datly miweleriniň biri bolan täze mekdebe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Bilimli» haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022

Halk Maslahaty: Garaşsyzlygyň berkararlyk binýady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyny garşy alýan günlerimizde geçilen ýola, bitirilen beýik işlere göz aýlap, hakydamyzda orun alan ýatlamalary gaýtadan seljerip görýäris. Şonda biz bu döwrüň üýtgeşikdigine, beýikdigine, şöhratlydygyna has çuň akyl ýetirýäris. Ýyllar türkmen paýhasynyň asyrlardan kök alýan çuňluklaryny, geljege barýan nurana ýollara şöhle saçýan gymmatlyklaryny ýüze çykarýar, dünýä ýaýýar. Türkmeniň tutýan ýolunyň umumadamzat ähmiýetli, dogry ýoldugy ykrar edilýär. Döwürleri döwür edýäniň, halkyň taryhyny şan-şöhrata besleýäniň beýik şahsyýetlerdigi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän mizemez hakykatdyr. Bu hakykatyň anyk beýanyny garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çuňňur pähim-paýhasy, ýiti akyly, öňdengörüjiligi we köptaraplaýyn sowatlylygy bilen döwrümiziň beýik ösüş ýoluny pugta esaslandyryp, türkmen halkyny mertebeli, abraýly millet derejesinde dünýä tanatdy.

Ýollaryň asudalygy — maşgala bagtyýarlygy

Biziň her birimiz ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etsek, özümiziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň jan saglygyny aýadygymyz bolardy. Şonuň üçin sürüjilerem, pyýada ýolagçylaram ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir! Iň ýokary gymmatlyk adamdyr — diýilýän ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-gününiň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar.

Asuda asmanly parahat Diýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär. 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Ruhy arabaglanyşygyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen başlandy. Olaryň hatarynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň ulanmaga berilmegi baýramçylyk günündäki şatlykly wakalaryň ýene-de biri boldy. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Se

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Döwlet berkararlygynyň nusgalyk keşbi

Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjeginde azym-azym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda äleme nusgalyk şäherleri gurýar. Güneşli ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda  hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär. Bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ençeme etraplaryň, şäherçeleriň, şäherleriň gurulmagy, gurluşyk önümçiligi boýunça  döwrebap kärhanalaryň döredilmegi, bu asylly işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe hem üstünlikli dowam etdirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, depginli ösüşini aýdyň görkezýär. Bedew bady bilen öňe barýan ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Milli maslahatyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda belent sepgitleri nazarlap ösýän döwrümizde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Gurmak, döretmek bagty

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ömrüň manysy özüň üçin ýaşap bilmekden başlaýşyna, soňra bu mertebeler başga biri üçin, maşgalaň üçin, obaň, il-ulsuň, halkyň, Watanyň üçin ýaşap bilmek derejelerine çenli beýgelip gidýär. Maksatlaryň çürbaşynda Watan bähbidini goýmak bolsa miýesser edip biljek mertebeleriň iň beýigidir» diýlen sözler bar. Halkara derejeli münberlerde ýa-da ýokary derejeli adamlar bilen duşuşyklarda, gepleşiklerde milli bähbitler bilen birlikde,  ählumumy bähbitleri gorap çykyş etmek, ylmy taýdan esaslandyrylandygy bilen ähmiýetli ählumumy bähbitlere gönükdirilen başlangyçlarydyr teklipleri öňe  sürmek hem, elbetde,  miýesser edip biljek mertebeleriň hataryndadyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda onlarça türk kompaniýalary işleýär. Olaryň  gatnaşmagynda ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmek indi bu iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşyk

Watany söýmegiň berk binýatly mekdebi

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbüni tutmak dabarasy geçirilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň açylyşy köňüllere şatlyk nuruny çaýdy. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp jümläniň taryhy hakykatdygyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Watany söýmekligiň berk binýatly mekdebini sowgat bermek bilen ýene-de bir ýola subut etdi.

Döwrebap hukuk ýörelgeleri

Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň her bir güni ajaýyp ösüşlere beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň galkynyşly döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Şöhraty  äleme dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmakda, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we yzygiderli ösdürmekde alnyp barylýan netijeli işler döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Gadam AŞYROW, polisiýanyň kapitany: — Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. Bu ugurda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň orny aýratyn bellärliklidir. Ýakynda kärhana tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň öndürilip başlanmagy halkymyzy ýokary hilli, tebigy harytlar bilen üpjün etmek ugrundaky işleriň üstünliklere beslenýändigini aňladýar. Düzümi mikro we makro elementlere, witaminlere baýdygy, taýýarlanylyşynyň aňsatdygy bilen tapawutlanýan bu önümler  Diýarymyza import edilýän önümleriň mukdaryny ep-esli azaldar. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi we kuwwatlanmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly çözgütleriniň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň netijesidir.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.