Ruhy arabaglanyşygyň nyşany

5 Sentýabr 2024
62

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen başlandy. Olaryň hatarynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň ulanmaga berilmegi baýramçylyk günündäki şatlykly wakalaryň ýene-de biri boldy. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata beripdiler. Medeni-ynsanperwer ulgam we onuň möhüm bölegi bolan bilim ulgamy özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň binýadynda guralýan däp bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şamyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar