"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi. Gahryman Arkadagymyzy hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Mary welaýatynyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi. Gahryman Arkadagymyzy hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Mary welaýatynyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we söwda merkezini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň möhüm wezipeleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 4-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän

Döwletli ýörelgeleriň dowamaty

Bu ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Halkynyň ýürek telwasyny şygyrlarynda beýan edip, «Berkarar döwlet istärin» diýen beýik şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşap, döredijilikli zähmet bilen eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak bagtdyr. Biziň bu günki ýeňişlerimizem, üstünliklerimizem jan Watanymyz Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz döwletimizde ildeşlerimiziň agzybirligine, döredijilik başarnygyna daýanyp, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerine eýerip, ösüşiň milli nusgasy bilen öňe sary ilerleýäris. Şu günler ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giňden taýýarlyk görülýär. Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksatlaryndan ugur alnyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýa

Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna girişilýär

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şähergurluşygy: nusgalyk işleriň beýany

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şol gün bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

«Akylly» şäher — 3 baýragyň eýesi

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden taryhy çözgütlerine laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar.

Netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Dünýäde belent ykrarnama

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.

Parahatçylygyň we dostlugyň aýdyň beýany

Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Döwrebap ösüşleriň nusgasy

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. ...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Agzybirligiň berk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyzy baky bagta, döwletli döwrana ýetirdi. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny mynasyp hem üstünlikli dowam etdirip, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, ynsanperwer işlerini barha rowaçlandyrýar. Bularyň ählisi halkymyza Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miweleridir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz yhlasly we netijeli zähmet çekip, bütin dünýä watansöýüjiligiň, agzybirligiň belent nusgasyny görkezip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da berkidýär. Şunda halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hem örän uly ähmiýete eýedir. Dana halkymyzda il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halk bilen geňeşip, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mukadd

Rowaçlygyň röwşen ýoly

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde döwrebap bilim edaralary we çagalar baglary gurulýar, okuw-terbiýeçilik işleri döwrebaplaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap bilim almagy, bilim işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalar, olaryň bagtyýar geljegi ugrundaky aladalarynyň uludygyny her ädimde duýmak bolýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şol belent maksatlara ýetmekde döwletimiziň eýeleýän orny diňe bir ylym we bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek arkaly öňdebaryjy tejribeleri netijeli peýdalanmak, halkara derejeli hünärmenleri ýetişdirmek bilen kesgitlenilýär. Hut şu wajyp wezipelerden ugur alnyp, her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary döredilýär, bilim

Möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.