Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

10 Sentýabr 2024
36

Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň möhüm wezipeleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir.

4-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde üstünlikli geçirilen giriş synaglary, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar