"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Arkadag saýasynda gülle bitarap ýurdum

Sazy: Omar IGAMOWYŇKYSözleri: Aman ROZYÝEWIŇKI

Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr

Mary, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Mary welaýat merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şan-şöhraty belentdir

Öňňin paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

Aşgabat — Watanymyzyň medeni merkezi

Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçylyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar. Aşgabatda milletiň döredijilik we ruhy kuwwaty jemlenendir. Muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp döwrebap binalary, kinokonsert hem-de sergi zallary, açyk sahna meýdançalary we beýlekiler paýtagtymyzyň hakyky bezegi, medeni durmuşynyň merkezleridir.

Halkara hyzmatdaşlyk mesgeni

Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat iň gözel we arassa şäher, halkara ylalaşdyryjylyk, ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde merjen şäher Aşgabada möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde şu ýyl 140 ýyllygy giňden bellenilýän baş şäherimiz Aşgabat syýasy we ykdysady taýdan ösen merkeze hem-de möhüm halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde geçirilen ençeme halkara forumlarda we maslahatlarda umumadamzat bähbitli wajyp meselelere seredildi hem-de degişli oňyn çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň baş şäheridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmak boýunça uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Bu ýerde döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri dabaralandy. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda ak mermerli şäherimizde ençeme halkara maslahatlar geçirildi. Munuň özi paýtagtymyzyň dünýädäki

Kanunçylygymyzyň berk binýady

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýy ýylsaýyn belende galýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, şeýle hem ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem her bir raýatyň syýasy, ykdysady, ruhy-medeni hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzda adam hukuklary barasyndaky dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň ähli kadalaryndan ugur alynýar. Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyşmak bilen, özüniň üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny kemala getirýär. Bilşimiz ýaly, 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisini geçirdi. Ýokary guramaçylykly geçen mejlisde öňde durýan wezipelere garaldy, milli kanunçylygyň birnäçe ugurlary boýunça degişli çözgütler kabul edildi hem-de Türkmen

Röwşen geljegiň nury

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwürmek maksady bilen öňe süren döwlet syýasaty, beýik başlangyçlary, şonuň bilen bir hatarda, konstitusion hukuk binýady kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri milli we döwlet maksatnamalarynyň, meýilnamalaryň öz wagtynda üstünlikli amal edilmegini şertlendirdi. Türkmenistan häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlary boýunça yzygiderli ösüşleri gazanýan ýurt hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda soňky sanlyja ýylyň içinde uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan senagat-önümçilik desgalary, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berdi. Türkmenistanda gurluşygyň şeýle giň gerimde alnyp barylmagy ykdysady kuwwatyň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gazanylýan ösüşlere hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalan giňişleýin mejlisinde berlen maglumatlar hem doly şaýatlyk edýär. Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen

Milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, nesillere miras galdyran gymmatlyklarynyň hormatyna bagyşlanyp, ýokary derejeli dabaralar, bäsleşikler we maslahatlar Watanymyzyň çar ýanyny gurşap aldy. Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylmagy hem ildeşlerimiz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady bolup, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimize hem-de wepaly dosty bolan edermen alabaýlarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyşyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, degişli assosiasiýalaryň wekilleri gatnaşdy. Täze binanyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde Halkara

Eziz Watanymyzyň belent abraýy

Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasatynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu syýasat oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gadymy seýisçilik ýoly dowamat-dowam

16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi Kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi.

Wajyp meseleler maslahatlaşyldy

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdiler. Hususan-da, nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça birnäçe kararlaryň taslamalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisini

BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamynyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda Birleşen Milletler Guramasy gatnaşyklar depginli ösdürilýär, Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Milli ykdysadyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmegiň möhüm wezipeleri

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, «Türkmen atlary» döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky «Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik» döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.