Halkara hyzmatdaşlyk mesgeni

21 Aprel 2021
853

Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat iň gözel we arassa şäher, halkara ylalaşdyryjylyk, ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde merjen şäher Aşgabada möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde şu ýyl 140 ýyllygy giňden bellenilýän baş şäherimiz Aşgabat syýasy we ykdysady taýdan ösen merkeze hem-de möhüm halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde geçirilen ençeme halkara forumlarda we maslahatlarda umumadamzat bähbitli wajyp meselelere seredildi hem-de degişli oňyn çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň baş şäheridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmak boýunça uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Bu ýerde döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri dabaralandy. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda ak mermerli şäherimizde ençeme halkara maslahatlar geçirildi. Munuň özi paýtagtymyzyň dünýädäki belent abraýynyň hem-de onuň hakyky dostlugyň mekanydygynyň subutnamasydyr.

Begençmuhammet REMEZANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
Beýleki habarlar