"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Milli mirasymyzyň sarpasy

Halkymyzyň asyrlar aşyp, adamzat durmuşyndaky gadyr-gymmatyny saklap gelýän baý medeni mirasy bar. Ol gymmatlyklaryň dünýä derejesinde ykrar edilmegi bolsa buýsandyryjy ýagdaýdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu babatdaky hoş habarlaryň yzy üzülmeýär. Has takygy, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şe

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Şondan ugur alyp, eziz Diýarymyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklary yzygiderli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz halkara durmuşa işjeň gatnaşýar we netijeli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalar, şol sanda «Halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goldaw bermekde we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamed

WATANÇY ZENAN üstünlikleriň basgançagynda...

«Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir» Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda «Esger» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrli gi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçiren «Watan — pederleriň baky mirasy» atly döredijilik bäsleşiginde, «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Aşgabat şä her tapgyrynda, «Ýylyň iň gowy harby psihology» atly bäsleşiginde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäginde geçirilýän sport bäsleşiklerinde hem baýrakly orunlara eýe boldum.

KALBYMYŇ SÖÝESI WATAN (ÇEPER OÝLANMA)

Men seni bagta deňeýän, eziz Watan! Watan, seniň depe-düzleriň ýüregimiziň kanagaty, arzuwlarymyzyň ak aty. Arzuwlara püre-pür gursagymda Saňa bolan çäksiz söýgi möwç urýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajap başlangyçlarynyň röwşen günlerini ykbalymyza ýar edýän Arkadagly Serdarymyzyň tutumlary tarypa mynasyp, başlangyçlary badalgalydyr. Hut şonuňüçinem, läle reýhanWatanym, at owazaň ösüşli ýurt hökmünde barha we barha uly şöhrata eýe bolýar. Seniň mermer binalaryň Günüň şuglasy bilen bäsleşýär. Owadan binalar ynsanlaryň göterilen bagtynyň alamaty bolup, uzaklardan seleňläp görünýär. Men seni bagta deňeýän, ezizWatan! Çünki her türkmeniň, örkünde duran ajap arzuw—bagtaýetmek diýlen düşünje seň jemalyň bilen bitewüdir, jan Watan!Şonuň üçin, seniňherbirraýatyňbagtadahylly,herbirperzendiňbagtyýardyr. Men Sende doguldym, Sende ösüp kemala geldim, mähriban Watan! Ajap günleriň takdyryma ýardygy üçin,ykbalymdan diýseň minnetdar! Şeýle derejeli ýurduň raýaty bolup dünýä inendigime örän buýsanýaryn. Çünki ynsanWatan bilen diridir,Watan bilen mertebelidir. Aksazaklaryň, guba selinleriň, ojardyr çerkezleriň mekany bolan Garagum sähr

KANAGAT ÜLKESI

Her bir adam bu durmuşda islendik bir zada ýetmek üçin öz öňünde maksat goýýar. Akyldaryň belleýşi ýaly, maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur. Ynsanyň jemgyýetdäki ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde, öňünde maksat goýup bilýänliginde hasaplanylýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, sabyr kanagat, soňra arzuwumyt, ynam yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerekdir. Biziň her bir edýän hereketlerimiz, durmuşymyz üçin ähmiýetli bolan saýlawlarymyz biziň özümizde jemleýän gymmatlyklarymyzyň netijesidir. Emma şeýle gymmatlyklar dürli dürli närselerimiz bolup biler. Ähli ynsanlar üçin jan saglyk, agzybirlik, rysgaldöwlet iň ýokary gymmatlyk hasap edilýär. Meniň pikirimçe, ynsana bagyş edilen esasy gymmatlyklaryň biri hem kanagatdyr diýip hasaplaýaryn. Çünki biziň gözýetimimize sygmaýan çäksiz belentlikde aýaklarymyz bilen ýetip bilmeýän menzillerimiz...«Kanagat ülkesi» atly ýerde ýerleşýär.

Parahatçylygyň ýoly

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden daşary syýasatda hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly ýörelgeleri saýlap aldy. Halkara gatnaşyklarynda ykrar edilen bu binýatlyk ýörelgeler täze taryhy döwrümizde has-da rowaçlanyp, ata Watanymyz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we üstünlikli hereket etmegi, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu Guramanyň ugurdaş düzümlerine ençeme gezek saýlanmagy, ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlarydyr teklipleriniň giň goldawa eýe bolmagy daşary syýasatda gazanylan ajaýyp üstünliklerdir. Galyberse-de, bu üstünlikler berkarar Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn syýasatynyň dabaralanýandygyny, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha beýgelýändigini alamatlandyrýan görkezijilerdir.

Ulag ulgamy — aragatnaşyk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz dost-doganlygyň, gülleýşiň baky mekanyna öwrüldi. Bu günki gün ajaýyp zamanamyzyň ösüşlere-özgerişlere beslenýän menzilleri dogrusynda söz açylanda, uzak geljegi nazarlaýan tutumlar, dünýä ýaň salýan täzelikler göwün guşuňy has-da ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Häzirki wagtda ulag-logistika ulgamynyň möhüm ugurlary işjeňleşýär, bu bolsa halklary hem ýurtlary, sebitleri hem yklymlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, söwda-ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyklara itergi berýär. Ata-babalarymyzyň: «Ýodany yzlasaň ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen ajaýyp sözi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ýollar öz maksatlaryňa tarap ynamly gitmek üçin gerek! Ýollar dostluk hem doganlyk üçin gerek! Hyzmatdaşlyk hem ösüş üçin gerek! Dünýäniň abadançylygy hem halklaryň eşretli ýaşaýşy üçin gerek!.. Ine, şundan hem biziň beýik maksatlarymyz, bitirýän iş

Parahatçylygyň aýdyň ýörelgesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä ýaýylyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açylýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen deňhukukly we parahatçylykly gatnaşyklary halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilik döredip, onuň dünýäde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ilkinji we iki gezek tassyklanan döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýasy bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän, onuň iri möçberli we uzak möhletleýin halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

Halkara ykrarnama

Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasynyň şu ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Bu köptaraply dialogyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Parahatçylyk ýörelgelerimiziň belent ykrary

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, döwletara hyzmatdaşlygynda ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän parahatçylyk we «Açyk gapylar» syýasaty häzirki wagtda uly üstünliklere beslenýär. 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy we iş alyp barmagy, halkara hyzmatdaşlygynda netijeli gural bolup durýandygyny 16 ýylyň tejribesi tassyklady. BMG-niň tejribesinde ilkinji gezek döredilen bu sebit merkezi sebitde parahatçylygy we konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda yzygiderli tagallalary amala aşyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlary» diýip kesgitlenen 17 maksady durmuşa geçirmekde hem işjeňlik görkezýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça geňeşmeleriň başyny başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, olary ýurdumyzda durmuşa geçirmek işleri ylalaşylan Meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Merkezi Aziý

Öňüni alyş diplomatiýasy — parahatçylygyň guraly

Dünýäde agzybirlik, jebislik, dosta wepalylyk, goňşa hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen şöhratlanan halkymyz «Goňşyň rahat bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Ynsanperwerligiň belent maksatlaryna ygrarly türkmeniň gadymy ýol-ýörelgeleri bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bähbidine gönükdirilen bitaraplyk syýasaty hökmünde giň äleme ýaýylýar. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň mazmunyny nobatdaky gezek dabaralandyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligi hökmünde ykrar edildi. Asyrlaryň synagyndan geçen bir hakykat bar: dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar. Şeýle niýeti kalbyna besläp gezen türkmen mundan 31 ýyl ozal — 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň ynsanperwer häsiýetli iň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Pederlerimiziň milli paýhasyna esaslanýan Bitar

2023-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Fewral aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde barha işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 1-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi munuň mysalydyr. Onuň dowamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, 2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna, toparyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazarýaka döwletleriňdir olaryň halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça alyp barýan işleriniň meselelerine garaldy.

Bitaraplyk, parahatçylyk we öňüni alyş diplomatiýasy bölünmez düşünjelerdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen bagly başlangyjy dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi BMG we sebit bileleşigi, ozaly bilen, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan şeýle merkeziň zerurdygyna we maksadalaýykdygyna düşünilmegine ýardam berdi. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 15 ýylyň dowamynda häzirki zamanyň köp sanly meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan ygtybarly binýat hökmünde özüni görkezip gelýär. Bu merkeze soňky bäş ýylyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Natalýa German ýolbaşçylyk etdi we onuň işiniň ilerledilmegi, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda uly işleri alyp bardy. Häzirki günde hanym Natalýa German bu wezipede alyp barýan işini tamamlady. Ol indi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory

Belent ynamyň ykrarnamasy

Diýarymyzda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri üçin ygtybarly we durnukly hyzmatdaşa öwrüldi. Döwletimiz dünýäde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde oňyn başlangyçlar bilen öz mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologik ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Watanymyzyň halkara abraýy pugtalanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz — dost-doganlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, rowaçlygyň hem ösüşleriň mekany. Mukaddes topragymyzyň gül goýnunyň gözelligi — göwünleriň ylham gönezligi. Şu nukdaýnazardan-da, eziz Diýarymyz halkara derejesinde geçirilýän sergilerde mynasyp orun eýeleýär. Halkara sergilere gatnaşmak arkaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler halkara bileleşiklere giňden görkezilýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary aýdyň kesgitlenildi. Bu syýasat Birleşen Milletler Guramasynda giň goldaw tapýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna hem-de 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», 77-nji sessiýasynda bolsa «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly

Bitaraplyk — parahatçylygyň ýoly

Ýer togalagynda parahatçylygyň gerimini giňeltmekde we pugtalandyrmakda bitarap döwletler möhüm ähmiýete eýedir. Bu möhüm orna dünýä döwletleriniň 185-siniň biragyzdan goldamagynda we BMG-niň ykrar etmeginde Türkmenistan hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda mynasyp boldy. Bitaraplyk — türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelen ynsanperwer ýörelgesiniň miwesidir. Garaşsyz Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ýörelgäni saýlap almagy, onuň parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Şol günden başlap, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynyň öňünde dünýä döwletleriniň tuglarynyň arasynda Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady. Bu taryhy waka tutuş dünýä bileleşiginiň Türkmenistany, onuň syýasatyny ykrar eden beýik güni hökmünde türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterdi.

Parahatçylyk kepili — hyzmatdaşlygyň ýoly

Dünýä ýüzünde durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmagynda galýar. Häzirki günde Ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde dialoglar arkaly özara düşünişmek, ynanyşmak netijeli gural hökmünde öňe çykdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi tutuş adamzadyň dabaralandyrmak isleýän hoş meýliniň nyşany boldy. Bu günki günde Bitaraplygyň we parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň oňyn netijelerini eziz Watanymyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda görmegiň mümkindigi guwandyryjydyr. Biziň ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň abraýly edaralarynyň we ykdysady institutlarynyň düzümine köp gezek saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň netijeli başlangyçlarynyň, şol sanda dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň geçirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün edýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar

Bitaraplyk we ýaşlar: döwrebap talap, kämillige ymtylyş, durnukly ösüş

Özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 27 ýyllygyny uludan baýram etdi. Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň agza döwletleriniň 185-siniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Türkmenistan ýyllarboýy parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar. Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän Kararnamanyň, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň çäklerinde döredilen Pa

Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň kepili

Neda BERGER, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

Özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklar parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň, köptaraplaýyn, netijeli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 11-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awtordaş bolup çykyş etdi. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.