Arzyly menzilleriň aýdymy

2 Aprel 2024
1699

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi, nesilleriň abadançylygy parahat durmuşyň üpjün edilmegi, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek türkmeniň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Diňe beýik ýaşaýşa, barlyga, ösüşe, döredijilige, abadançylygyň we parahat durmuşyň zerurlyklaryna gulluk edýän gymmatlyklary kabul eden halkymyz olary her bir nesliň taryhy tejribesi bilen baýlaşdyryp, geljek nesle geçiripdir. Dowamatyň-dowam bolmagynyň hatyrasyna guran, döreden ata-babalarymyzyň ýagşy arzuwlary durmuşa bolan egsilmez söýgä, kämil döredijilige siňip, bu mährem Diýarda ýaşaýşyň ebedilik kanunyna öwrülip gidipdir. Şol ýol-ýörelge bilen nesil terbiýelän halkymyz bu gün oňyn Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini dabaralandyrýar. Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmek bilen, bu ugruň halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň, ösüşiň binýady bolup durýandygyny, bu ýolda baş gural bolup dialogyň öňe çykandygyny beýan edýär.

2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, oňa 86 döwletiň awtordaş bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyrdy. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar