"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmenistanyň futbol federasiýasy möwsümiň jemini jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» atly baýraga «Altyn Asyr» topary mynasyp boldy.

Şadyýan estafeta bäsleşigi

Sarahs etrabyndaky 26-njy orta mekdepde “Biz Oguzhan nesli” ady bilen şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy ýaşlar päsgelçiliklerden ylgap geçmek, toply ylgamak boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňiji toparlaryna hormat hatlary gowşuryldy.

Ilkinji üstünlik ― küştçülerden

Welaýatymyzyň ýetginjekler ýygyndysy 7 ― 17 ýaş aralygynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde 20 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda iň ýokary netijäni görkezdi. Şunda lebaply küştçüleriň 7-siniň altyn medala mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Gündogar sebitiň türgenleri 7 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ikinji we üçünji orunlary eýelän bolsalar, 9 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medallara mynasyp boldular. Bu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda Maksat Awlýakulyýew, gyzlaryň arasynda bolsa Dünýä Ruslanowa ýurdumyzyň çempiony boldular.

Täze ýyl: ilkinji halkara ýeňiş

Şu günler Omanyň Maskat şäherinde 14 ýaşa çenli tennisçi gyzlaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşdan ilkinji hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy ýanwara çenli dowam etjek halkara ýaryşda türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri halkara giňişlikde ukybyny ykrar etdirip gelýän Ilima Omandaky ýaryşa çärýek finaldan girişdi. Miraly Gasanowyň zehinli şägirdi bu tapgyrda ýer eýeleriniň wekili Talýeý Al-Busaidini 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňdi.

Ýeňil atletikanyň taryhyndan

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Ýeňil atletika öz taryhyny örän uzak döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, ýeňil atletika boýunça ilkinji ýaryşlar biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda Gadymy Gresiýada geçirlipdir. Bu ýaryşlarda ýeňil atletika ylgamak, bökmek, zyňmak ýaly görnüşlere bölünipdir.

Agyr atletika

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Agyr atletika görnüşiniň döreýiş we ösüş taryhy öz köklerini gadymyýet çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Onuň ilkinji nusgasy Hytaýda — ýunanlylarda ýüze çykypdyr. Häzirki zaman görnüşi XIX asyryň ortalarynda kemala gelipdir.

Kiçi tennisiň ýaşajyk muşdagy

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Sport – peýdaly we gyzykly güýmenje. Sportuň gaty kän görnüşleri bolup, olaryň hersiniň öz aýratynlygy bar. Özüm stol tennisi boýunça tälim beremsoň, onuň artykmaçlyklary hakynda dowamly gürrüň edip bilerin. Emma meniň esasy maksadym, ýaşajyk türgenleriň arasynda tapawutlanýanlary hakynda gürrüň etmegi makul bildim. Şeýle türgenleriň biri hem Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Hydyrowdyr.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde bedenterbiýe-sport hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyklykda bina edilmegi bolsa ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşine has içgin girişmegine oňyn şert döredýär. Şeýle desgalaryň biri-de Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky 3000 orunlyk Ak bugdaý sport desgasydyr.

Küşt hakynda kelam agyz

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Mary welaýatynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, küştçi zenan Merjen Ýalkanowa bilen taýýarlanylan gyzykly söhbetdeşligiň mysalynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça kämilleşýän okuwçylaryň kändigine, halypalarynyň olar hakynda çynlakaý yhlas edýändigine düşünmek kyn däl. Söhbetdeşligi taýýarlan talyp gyzyň redaksiýamyzyň işjeň okyjylarynyň biridigi üçin onuň okyjylar bilen nobatdaky gezek duşuşymagyna çynlakaý taýýarlanandygyny aýtmak isledik.

Hünär ýolunda üstünlikli möwsüm

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň hü­jüm­çi­si Di­dar Dur­dy­ýew ge­çen möw­sü­mi özü­niň hü­när ýo­lun­da iň ne­ti­je­li möw­süm ha­sap­la­ýar. Bu ba­ra­da ol türk­men met­bu­ga­ty­nyň we­kil­le­ri bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gin­de ha­bar ber­di.

Hokkeý: ilki çempionat, soňra halkara ýaryşlar

10-njy ýanwarda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» hokkeý topary «Merdana» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Täze möwsümiň açylyş duşuşygy mundan 10 ýyl ozal Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Bu toplum Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişlidir. Milli çempionatyň duşuşyklary bu toplumdan başga-da, paýtagtymyzyň Milli olimpiýa sport köşgünde we Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Zehin zehinden zyýada

4 — 9-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaş derejelerine laýyklykda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Iň kiçi ýaş derejesi bolan 7 ýaşa çenlileriň arasyndaky ýaryş ilkinji gezek geçirilýänligi bilen tapawutlandy we türkmen küştüniň täze zehinjiklerini ýüze çykardy. Oglanlaryň arasynda paýtagtly Çarykerim Çaryýew ähli döwlerini şowly tamamlap, ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda bolsa Mary welaýatyndan Anna Çaryýewa öňdäki orny eýeledi. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady.

Ahalteke atlaryna sarpa

Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde döwrebap ýokary okuw mekdebi – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy topragynda açylan bu ýokary okuw mekdebimiz sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa hökmünde ykrar edilip, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna mynasyp boldy. Ýokary bilim ojagymyzda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy.

Bedenterbiýe we sport

Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde futbol boýunça okuw-türgenleşikler ýokary depginde alnyp barylýar. Sport mekdebimizde tejribeli tälimçileriň 18-si zähmet çekýär. Olardan R.Waliýewiň, P.Podarowyň, W.Milleriň, Ş.Murhaliýewiň, D.Krohmalyň, R.Muhadowyň, T.Musaibowyň, Y.Öwekowyň, W.Myratjanowyň, S.Garajaýewiň atlaryny agzamak bolar. Futbol boýunça sport mekdebimizde türgenleşýän çagalaryň 370-e golaýy halypa tälimçilerden sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Okuw-türgenleşiklerinde toplanylýan tejribeler bolsa dürli ýaryşlarda toparlarymyzyň ýeňiş gazanmagyna ýardam edýär. Geçen 2023-nji ýylda mekdebimiziň «Batly» topary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 2010 – 2012-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda baýrakly üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Gahrymanberdi ÇOŇKAÝEW,

Salar pälwan hakda söhbet

Salar pälwan türkmeniň meşhur pälwanlarynyň biridir. Onuň nesil ugrundan bolan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Tilki obasynyň ýaşaýjysy Amanmyrat Ataýew hem-de Demirjenli Akga Çerre pälwanyň agtygy bilen bolan gürrüňçilikden soň, tanymal pälwan hakynda ýatlama makala ýazmagy makul bildim. 1891-nji ýylda Hasar dagynyň gatbar-gatbar dag kemerlerinden gözbaş alyp gaýdýan Goç çeşmesiniň, Goç we Awlak kärizleriniň suwlaryndan suwlanýan, bag-bakja bürenip oturan teke türkmenleriň wekil bölüminiň ýaşaýan mekanynda, daň säher bilen daýhan Sapar Salar oglunyň döwletli maşgalasynda saryýagyzja oglan bäbejik dünýä inýär. Sapar aga oba ýaşulusyny çagyryp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, kakasynyň hormatyna Salar diýip at dakýar. Dowar soýlup, pişme bişirilýär. Salarjygyň geljekde bagtly bala bolmagy arzuwlanyp, uly toý tutulýar. «Iki aýakly iki günde» diýleni, ol ene-atasynyň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. Bedeni bekäp, ýumşa ýarap ugranyndan, öý hojalygynda we maşgalalarynyň ekin meýdanynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýollaryny öwrenip, zähmetde taplanýar. Kyblasyna mellek ýerlerinde ýer depmekde, tohum sepmekde, ideg etmekde, ýetişdirilen hasyly ýygnamak

Höwes, zehin, yhlas – üstünlikleriň gözbaşy

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen çynlakaý meşgullanmak, oňa durkuň bilen berilmek üçin hem çagalykdan höwes gerek. Ýöne diňe höwesiň ýeterlik däldigi, dogabitdi ukyp-başarnygyň, soňlugy bilen bolsa yhlasyň, hyjuwyň zerurdygy-da hemmä aýandyr. Biziň şu makalada söhbedini etjek türgenimiz hem özünde kiçiliginden sportuň boks görnüşine höwesiň dörändigini, ajaýyp şert-mümkinçilikleriň netijesinde, şeýle-de, kakasynyň ýakyndan goldaw bermeginde sportuň bu görnüşi bilen indi birnäçe ýyl bäri çynlakaý meşgullanýandygyna buýsanýandygyny aýratyn nygtamak bilen aýtdy. Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, sporty hemişelik hemra edinmekde, mahlasy, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli kämil adamlar bolup ýetişmekde öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny, zehinlerini aýamaýandyklaryny göreniňde, buýsanjyň bir gez belende göterilýär. Balkanabat şäherinde 2006-njy ýylda dünýä inen, häzirki wagtda bu şäherdäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Ýazmyrat Bäbişow mundan bäş ýyldan gowrak wagt ozal welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň işiginden uly umytlar bilen ilkinji gezek ätleýär. Bu spo

Türkmenistanyň futbol çempionaty - 2023:

sanlar we maglumatlar Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümi taryha girdi. Türkmen sportunyň taryhynda öz mynasyp ornuny tapan 2023-nji ýylyň futbol möwsümi täsirli duşuşyklaryň onlarçasyny öz içine aldy. Geçen ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň çempionatdakydyr Kubok bäsleşigindäki ýeňlişsiz ýörişi, «Altyn Asyr» toparynyň bassyr ikinji ýyl kümüş medala mynasyp bolandygy, 7 ýyldan soň hormat münberine çykan Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparynyň netijeli çykyşy hakynda gazetimiziň şu sanynda gürrüň ederis.

Belent ynamdan galkynýan göwünler

Ähli ulgamlarda uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaş nesil üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Ýylyň jemlerine bagyşlanan halkara serginiň hem-de ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, tapawutlanan ýaşlaryň döwlet sylaglarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çap edilmegi kalbymyza ganat berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlaryndan, beýik ynamyndan göwünleri galkynan ýaşlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýarlar. Mähriban ŞÖHRADOWA,

Taryhda şu gün

Şol wagta çenli onuň bu «görkezijisine» golaýlaşan futbolçy bolmandyr. Ýöne bu rekord 2009-njy ýylda Estoniýanyň futbol çempionatynda täzelenilýär. Şonda «Kuresaare» toparynyň goragçysy Ýanis Kriýska topy kellesi bilen derwezeçä geçirjek bolanda ýalňyşlyk goýberýär. Bu waka oýnuň 5-nji sekundynda bolup geçýär. Soňlugynda Kriýskanyň çykyş edýän topary «Lewadiýa» ýene-de 7 topy derwezesinden geçirdýär. Onuň üstesine ol oýnuň ikinji ýarymynda gyzyl petek alyp, meýdandan hem çykarylýar.

Ýaryş çekeleşikli geçdi

Mekdep okuwçylarynyň häzirki günlerde dowam edýän gyşky dynç alyş möwsüminde wagtlarynyň manyly we netijeli geçmegini gazanmak maksady bilen welaýatymyzda birnäçe täsirli çäreler geçirilýär. 14 ýaşdan uly bolmadyk mekdep okuwçylarynyň arasynda guralýan şaşka ýaryşy hem şeýle çäreleriň biridir. Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen şaşka ýaryşy has-da uly gyzyklanma döretdi. Bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Ýaryşa etrapdaky mekdeplerden okuwçylar gatnaşyp, özara bäsleşdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşda güýçlüler öňe saýlandy. Şeýlelikde, etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary birinji, 14-nji orta mekdebiň topary ikinji, 15-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle ýaryşlar beýleki etraplarda hem geçirilýär.