"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Sport — parahatçylygyň ilçisi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi netijesinde eziz Diýarymyzda halkara derejeli sport ýaryşlary giňden geçirilýär. 2023-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi ata Watanymyzyň sportdaky at-abraýyny has-da belende göterdi. Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň türgenleriniň gazanan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr. Bu iri halkara ýaryşynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelmegi bagtyýar raýatlarymyzyň göwünlerini has-da belende galdyryp, sport türgenlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gözel paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berlen sport toplumlary sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň sagdyn ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Sport. Sport. Sport.

Mümkinçilikler döredilýär Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap derejede ösýär. Şol ulgamlar bilen deň hatarda ýurdumyzyň sport abraýy ýokary netijeleri berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri, sport meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaş türgenler bu günki gün diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä ýaryşlaryna hem gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Küşt ýaryşy geçirildi

Halaç etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde etrabymyzdaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň we ýaşaýjylarynyň arasynda küşt ýaryşyny geçirdik. Erkekleriň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşa dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň işgäri Penji Taňryberdiýew, 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Welmyrat Baýramow, «Amyderýa» suw desgasynyň tehnigi Tohta Rahmanow ýokary netijelere eýe bolup, degişlilikde birinji, ikinji, üçünji baýrakly orunlary eýelediler.

Welaýatyň çempionaty geçirildi

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde sportuň pauerlifting görnüşi boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Dänew, Darganata etraplaryndan, Türkmenabat şäherinden agyr atletikaçylar gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden çempionatda oglan-gyzlar agram derejeleriniň 13-si boýunça özara bäsleşdiler. Erkekleriň arasynda Ismailbek Islambaýew, Rustam Hemraýew we Igor Žandareýewiç öz agram derejeleri boýunça has-da tapawutlanyp, birinji orny eýelediler. Olaryň tälimçisi Asker Ramazanowdyr. Gyzlaryň arasynda bolsa Mähri Erkinowa, Nadira Rahmedowa we Wiktoriýa Magdasiýewa öz deň-duşlaryndan saýlanyp, hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar. Netijede toparlaýyn hasap boýunça Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebi birinji, 13-nji sport mekdebi ikinji we Darganata etraby üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Çekeleşikli bäsleşik

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen sport bäsleşigi Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige welaýatyň etraplarynyň ählisinden köp çagaly maşgalalar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, çagalaryň beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp geçirilen maşgala sport bäsleşigi turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Oňa topar bolup gatnaşan bagtyýar maşgalalar sportuň hereketli oýunlarynyň birnäçe görnüşinde, şeýle-de tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler.

Uniwersiadanyň çäklerinde

Düýn Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň çäklerinde talyp oglanlaryň arasynda erkin göreş boýunça ýaryş geçirildi. Şeýle ýaryşlar talyp türgenleriň öz ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmegine mümkinçilik berýär. Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ikinji, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplary bolsa üçünji orny eýelediler.

Güýçlüler üstün çykdy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň welaýat tapgyrlary dowam edýär. Okuwçy oglanlaryň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýaryşyň nobatdaky tapgyry Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdepde guramaçylykly geçdi. Oňa etraplardan toparlar gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Okuwçy ýaşlary sporta we bedenterbiýä giňden çekmek, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, sportuň gandbol görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak, güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady.

Maksat ― täze medallar

Türkmen türgenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýyny halkara üstünlikleriň birnäçesine beslediler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň ilkinji aýynda türgenlerimiz halkara ýaryşlarda medallaryň 8-sini (4 altyn, 4 kümüş) gazanan bolsalar, fewral aýynda olaryň üstüni ýene birnäçesi bilen ýetirdiler. Gazanylan üstünliklerde biziň welaýatymyzyň türgenleriniň hem mynasyp paýynyň bolmagy başymyzy göge ýetirýär. Bu gün welaýatymyzdaky sport toplumlarynda we mekdeplerinde türgenleşik işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmeklerine oňyn şert döredýär. Häzirki günlerde halkara derejeli ýaryşlaryň ýene-de ençemesine taýýarlanýan türgenlerimiz olardan hem medallar bilen dolanyp gelip, Watanymyzyň sport abraýyna abraý goşmagy meýilleşdirýärler.

Talyp gyzlar ýaryşýarlar

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda bu şanly sene mynasybetli bilim ojagymyzda talyp gyzlaryň arasynda sport ýaryşlaryna giň gerim berildi. Ýaryşlar sportuň tennis we woleýbol görnüşleri boýunça geçirilýär. Toparlaýyn we şahsy görnüşde birnäçe günläp dowam etjek ýaryşlar Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda jemleniler. Olaryň netijesinde iň ezber tennisçilere we woleýbol toparyna mekdebimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary gowşurylar.

Kiçi futbol ýaryşy geçirildi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. 42-nji orta mekdebiň mugallymlary netijeli oýun görkezip, ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýaryşda ýeňiji bolan we oňa gatnaşan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýeňşe beslenýän türgenleşikler

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» toparynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny türkmen janköýerlerini begendirýän ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijesi bezeýär. Ilkinji «akylly» şäherimiz bilen adybir topar şeýle duşuşyklaryň ýene birini geçirdi. Has takygy, 16-njy fewraldan bäri täze möwsümde Dubaýda taýýarlyk görüp gelýän çempionymyz geçen ýyl Gyrgyz Respublikasynda bassyr ikinji çempionlygyny yglan eden Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk «Arkadag» toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen toparynyň gollaryny hüjümçiler Didar Durdyýew bilen Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. «Abdyş-Atanyň» AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitinde çempion bolup, yklymyň ikinji derejeli toparlaýyn ýaryşyny dowam etdirmäge hukuk gazanandygyny nazarda tutsak, biziň çempionymyzyň şeýle güýçli topardan üstün çykmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu oýun türkmen futbolçylarynyň özara duşuşygyna-da öwrüldi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyzyň hem köýnekçesini geýen futbolçylarymyz Süleýman Muhadow bilen Teýmur Çaryýew futbol ýoluny «Abdyş-Ata» toparynda dowam etdirýär.

Kuraş: ezberler öňe saýlandy

Düýn Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli ýygyndy toparlarynyň düzümine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden mynasyp türgenleri saýlap seçip almak, iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek, şeýle hem öz hünärine ussat türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen çempionata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden türgenler gatnaşdylar. Çempionatyň netijeleri boýunça, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Döwlet Hemrakulyýew 66 kg agramda, Ilýas Muhammedow 73 kg agramda birinji orna mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Ylham Kemalow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Emin Omarow 100 kg agramda çykyş edip, tapawutlanmagy başardylar. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndan Serdar Babamuradow 60 kg agramda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» sport klubunyň türgeni Mekan Pardabaýew 81 kg agramda üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýelediler.

Go oý­nu­nyň us­sa­dy (Ro­man)

Ýasunari KAWABATA, ýapon ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Sport. Sport. Sport.

Ussatlyklaryny açyp görkezdiler Ýakynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly ХIII spartakiadanyň düzümine girýän sportuň woleýbol görnüşi boýunça Mary şäherindäki 6-njy sport mekdepde ýaryş geçirildi. Ýaryşa welaýatymyzdaky orta mekdepleriň oglan-gyzlary gatnaşdylar.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Ýaş­lar hakyn­da ala­da

Sport: ruhubelentlik bilen täze ýeňişlere tarap

Watanymyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň, gözelligiň, gujur-gaýratyň çeşmesi hasaplanýan sporta höwes, täze ýeňişlere ymtylyş barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldelerine eýerip, dürli ýaşdaky raýatlar köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketlerini has-da dabaralandyrýarlar. Şunlukda, türkmen sporty pajarlap ösýär, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sagaldyş çäreleri giň gerime eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmäni nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini we ýokary netijeli sporty ösdürmek meselelerini üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport ulgamyndaky ösüşiniň, sport diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň netijesinde, türkmen sporty täze sepgitlere ýetýär. Bu ugurdaky işleriň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagy ulgamyň hukuk binýadynyň hem pugtalandyrylý

Ynam­ly ädim­ler bi­len be­lent sep­git­le­re

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn we me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Boks boýunça milli ýygyndymyz 17 — 28-nji fewral aralygynda Bosniýa we Gersogowina Respublikasynyň Saraýewa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýar. Toparda 7 türgen, 2 tälimçi, 1 wekil we 1 topar ýolbaşçysy bar. Topar şondan soň 29-njy fewral — 12-nji mart aralygynda Italiýa Respublikasynyň Busto Arsizio şäherinde geçiriljek I Bütindünýä saýlama ýaryşlaryna gatnaşar. Dostlukly ýurtlarda geçiriljek bu möhüm çärelere gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň agzalary 17-nji fewral — 13-nji mart aralygynda iş saparlarynda bolarlar.

Aýdym-saz we sport

Aýdym-sazlaryň sportda hem möhüm many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Çünki iri sport baýramçylyklarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň senasyna öwrülýän ajaýyp aýdymlar sportuň taryhyna ebedi girýär. Şol aýdymlaryň dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan aýdymçylardyr sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa şeýle wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Iň uly sport baýramçylyklarynyň dabaraly açylyşlaryny hem aýdym-sazlaryň bezeýändigini bellemek gerek. Sport bäsleşikleriniň ýeňijileriniň hem sazlaryň astynda sylaglanýandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Muny sazyň sport bilen özara baglanyşygyny emele getirýän aýratynlyk hökmünde häsiýetlendirse bolar. Sportuň oýun görnüşlerinden guralýan duşuşyklaryň başynda oýunçylaryň görüşýän pursatlarynda hem-de arakesmelerde sportuň şol görnüşini alamatlandyrýan sazlaryň ýaňlanmagy hem bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlikdir. 

Sag­dyn jem­gy­ýet — ber­ka­rar döw­let

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň abadançylygynda, döwletiň gülläp ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmak üçin köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ösdürilýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleri öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr» diýen jümlelerde ýurdumyzda işjeň ösdürilýän bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksady öz beýanyny tapýar.