Welaýatyň çempionaty geçirildi

28 Fewral 2024
483

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde sportuň pauerlifting görnüşi boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Dänew, Darganata etraplaryndan, Türkmenabat şäherinden agyr atletikaçylar gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden çempionatda oglan-gyzlar agram derejeleriniň 13-si boýunça özara bäsleşdiler. Erkekleriň arasynda Ismailbek Islambaýew, Rustam Hemraýew we Igor Žandareýewiç öz agram derejeleri boýunça has-da tapawutlanyp, birinji orny eýelediler. Olaryň tälimçisi Asker Ramazanowdyr. Gyzlaryň arasynda bolsa Mähri Erkinowa, Nadira Rahmedowa we Wiktoriýa Magdasiýewa öz deň-duşlaryndan saýlanyp, hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar. Netijede toparlaýyn hasap boýunça Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebi birinji, 13-nji sport mekdebi ikinji we Darganata etraby üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Bahtiýar ÇARYÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar