Tebigat bilen sazlaşyk döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugrudyr

6 Fewral 2023
1232

Türkmen halky hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşapdyr. Mele topragyny eziz enä deňän halkymyz onuň ynjamazlygyny gazanypdyr. Topraga aýawly çemeleşip, zaýalanmazlygy üçin, ekinleri gezekleşdirip ekip, şorlaşmagynyň öňüni alypdyr. Şeýlelikde, olar ýetişdirilen bol hasylyň ― gök we bakja önümleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygyna düşünipdirler. Şeýle milli ýörelgelere eýerilýän ýurdumyzda ekologiýa meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň wajyplygy ekologiýanyň köpdürli meseleleri özünde jemleýändigi, ykdysadyýetiň ähli ulgamlary bilen sazlaşyklydygy we häzirki döwürde global häsiýete eýe bolandygy bilen baglydyr.

Her bir ulgamyň özboluşly, aýratyn kanunlara laýyklykda özgerýän, tebigat bilen jemgyýetiň gatnaşyklaryna gabat gelýän baý tejribesi bolýar. Pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda ýurdumyzda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly asylly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ösdürmek we kämilleşdirmek, tebigata we onuň gymmatly baýlyklaryna aýawly garaýşy terbiýelemek bilim-terbiýeçilik edaralarynyň esasy maksatnamalarynda öz ornuny tapýar.

Şeker GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar