Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylygyň we asuda durmuşyň üpjün edilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eserinde şeýle setirler bar: «Parahat durmuşda ýaşamak, asudalygyň hem-de bolçulygyň hözirini görmek üçin il agzybirligi gerek. Agzybirlik adamkärçiligiň kada-kanunlaryna garaýyş bilen baglanyşykly kemala gelýän jemgyýetçilik ýörelgesidir. Pikirleriň birligi maksatlaryň birliginden kemala gelýär. Her kişi gowy adam bolmagy, sagdyn nesilleri terbiýeläp, il hataryna goşmagy arzuw edýär. Munuň üçin bolsa juda zerur zatlar bar, ilkinji nobatda, Zeminde parahat ýaşaýşyň bolmagy zerur». Diýmek, ähli zadyň sakasy — parahatçylyk. Aýdylanlardan ugur alsak, onda hemişelik Bitaraplyk, sözüň doly manysynda, döwrümiziň beýik hakykatydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenip, has-da dabaralanýandygynyň şaýady bolýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň, özara hereketleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty barha giň goldaw tapýar. Ýurdumyzyň daşary syýasaty «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenilen binýatlyk ýörelgeleriň, ileri tutulýan ugurlaryň, baş maksatlaryň we wezipeleriň esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin amatly daşarky şertleri döretmek, halkara giňişlikde Türkmenistanyň ornuny berkitmek, milli bähbitleri goramak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.