Himiýa senagatynda ekologiýa abadançylygy

8 Iýul 2021
1979

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu maksatnamalaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalary işläp düzmekden ybaratdyr.

Himiýa — ylmyň möhüm pudagy bolup, ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Himiýa senagatynda ylmyň ösdürilmegi üçin innowasiýalaryň girizilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden ulanylýar. Çünki himiýa tehnologiýasy çig maly gaýtadan işlemäge, şol bir çig maldan dürli görnüşli önümleri almaga, olary toplumlaýyn ulanmaga mümkinçilik berýär.

Gülzar AŞYROWA
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar