Seni gören gözelligiňe haýrandyr

3 Maý 2021
756

Aşgabat — mähriň, tämizligiň, kämilligiň mekany. Mähir bolan ýerde agzybirligiň, tämizlik bolan ýerde ahlaklylygyň, kämillik bolan ýerde depginli ösüşleriň boljagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Hawa, her güni toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar.

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat ýaşyl baglaryň, al-elwan gülleriň, dost-doganlygyň şäherine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýan baş şäherimiz gözel künjekleri — seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary bilen haýrana goýýar. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan ilkinji şäherleriň biridir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy.

Gülbagt HAJYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar